RealMusic

Nesihat

9 / 1 / 2 года
Durmuşdan akyl alma, kynçylyk al,
Kynçylyklar öwreder ähli zady.
Akyl aljakmy? eneň-ataňdan al,
Sebäp, olar öňden gören köp zady.
***
Nätanyş adamdan nesihat alma,
Edil gül ýaly eneň-ataň barka.
Olaryň nesihaty başga bolýar,
Ýöne ýürekden diňle aýdyp durka.
***
Çyn söýgi, gyzgyn mähir gerek bolsa,
Mähriň bilen gujaklap ejeňden al.
Seň arkaňda dag ýaly kakaň barka,
Ýürekden beren zadyny ogşap al.
***
Eneň-ataň bar şol seniň baýlygyň,
Her aýdan sözleri seniň aýlygyň.
Eneň-ataň bar bolsa gadyryn bil,
,,Şükür" etgin wagty barka janynyň.
***
Durmuşdaky kynçylyklar daşyňda,
Ýöne ol kynçylygy sen geçeňok.
Entek eneň-ataň seniň başyňda,
Ýeke geçersiň galanyny bilemok.
***
Gülersiň, kemsinersiň, aglarsyňam,
Herkim ýalandan gelip seni sorar.
Ýöne, ýene-de eneň-ataň gelip,
Şol zat gaýtalanmasyn diýip gorar.
***
Durmuş herhili oýunlar görkezer,
Duşmanlar, görüp, töhmetler köpeler.
Sen elmydam eneň-ataňy diňle,
Bir, şolar saňa ýagty ýol görkezer.
Краткое описание
Adamlara nesihat.
История создания
5-nji aprelda düzüldi.