RealMusic

Okunme sen

9 / 1 / 2 года
Ökünme sen, özüňe ýaman diýip,
Belki, seniň ýaman wagtyň gowydyr.
Adamlara sylag sarpam ýok diýip,
Belki, seň sylagsyz wagtyň gowydyr.
***
Ökünme sen, özüňe garyp diýip,
Belki, seniň garyp wagtyň gowydyr.
Kömegim ýok hiç bir adama diýip,
Belki, seň kömeksiz wagtyň gowydyr
***
Ökünme sen, wepaly dost ýok diýip,
Belki, wepasyz dostlaryň gowydyr.
Tapynamok söýgili ýarym diýip,
Belki, seniň ýarsyz wagtyň gowydyr.

Imo: +99365474307
Краткое описание
Bu goşgy durmuşa näşükür bolýanlar barada düzilen.
История создания
Bu goşgy 26-nji fewralda düzilen.