Ýykylsam galdyryp biljek,
Aglamda güldirip biljek.
Olar ýaly hiç tapylmaz,
Ejemdir başaryp biljek.
***
Ýamanlardan gorap biljek,
Nas, çilimden saklap biljek.
Ýaramasam ylgap geljek,
Sen Ejem başaryp biljek.
***
Arzuwymy hasyl etjek,
Kynçylykda iş bitirjek.
Gam-gussama gülki berjek,
Bir sen Ejemjan başarjak.
***
Hakykatdan söýüp biljek,
Ejem ýaly saklap biljek.
Gyzgyn mähri berip biljek,
Aýdyň bolsa men öýlenjek.
***
Gyssagly wagtym pul berjek,
Köpçilikde üýtgemejek.
Gyzlaň ýanynda çişmejek,
Aýdyň bolsa men dost boljak.
Imo: +99365474307
Краткое описание
Bu goşgy ejem ýaly başarjak barmy diýen barada düzilen.