RealMusic

Gadyr Bilgil

15 / 2 / 2 года / 2 года
Wagt geler aglarsyň bir gün,
Ençe zadyň gadryn bilip.
Ökünip diýersiň şol gün,
,,Wah täzeden dünýe inip".
***
Bolmaz indi dünýe inip,
Wagtynda gadyr bilmeli.
Ýagşydan, ýaman kän diýip,
Oňam gadyryn bilmeli.
***
Barzadyň gadyry ýokdur,
Sen ony ýokka bilersiň.
Şükür eneň-ataň bardyr,
Ýitiren kän sowal ediň.
***
Şükür et sen barzadyňa,
Galan zat Alladan gaýdar.
Esasy üns ber birzadyňa,
Özüňe hem imanyňa.
***
Saňa gerekli zat abraý,
Ony gora, sakla aýap.
Soňam gaçmasyn gadyryň,
Kä kişi unutýar baýap.
***
Hiç haçan nahar saýlama,
Iýberiň, iýjegiň barka.
Meslikden nahar zaýlama,
Paýla sen garyplar barka.
Soňam bilerler gadyryň..!
***
Gelýäň bu dünýe bir sapar,
Gazan abraý bilen sogap.
Ýagşy bol, bir däl, müň sapar,
Goşgym sowallara jogap.
***
Köp eşitdim men bir sözi,
Ol sözem gadyr barada.
Ýusup siz üçin düzendir,
Gadyr bilmeýän barada.

Imo: +99365474307.
Краткое описание
Bu goşgy gadyr bilmeýänler barada düzilen.
История создания
Bu goşgy 14-nji dekabrda düzilen.