RealMusic

Pikirler

69 / 2 / 2 года / 2 года
Herkime gowy diýme,
Daşy güldir, içi namart.
Köp dostlarym bar diýme,
Içinden çykar bir jomart.
***
Güli söýüp saýlaňda,
Berk sakla ony soldurma.
Gün-günden gör aýlanda,
Mör-möjeklere bogdurma
***
Adam bolup adamyň,
Eden ýagşylygyn bilmez.
Gadyry ýok adamyň,
Hiç haçanam adam bolmaz.
***
Ynsan, biderek söýgi,
Owal seniň aladaň kän.
Ajydan-ajy hem görgi,
Söýgiden ýanan adam kän.
***
Nikadan geçip soňra,
Aýrylyşmak moda boldy.
Öňler ýok, çykdy soňra,
Indi durmuş zalym boldy.
***
Durmuşyň manysy ýok,
Özüň manysyn tapmasaň.
Taparsyň sen diýme ýok,
Sen öz-özüňe ynansaň.
***
Özüňde ynam bolsun,
Döremesin mekirler.
Göripler kän, ýok bolsun,
Üns berseň, üýtgär pikirler.

Imo: +99365474307.
Краткое описание
Goşgy durmuş barada düzilen.
История создания
Bu goşgy 21-nji dekabrda düzilen.