RealMusic

Hustle Squad toparyn taryhy (2007-2013)

1 / 0 / 8 часов / 8 часов
"Hustle Squad" topary Iska Muslim (Galtaman) we ATL tarapyndan 07.07.2007 ýylda döredilýär.

Toparyň başdaky agzalary: Iska, Makes, ATL, Lil Al, D`ez, Kostik, Big West, Gr.Dostlar.

Bular 2007-nji ýylda 28 aýdymdan ybarat bolan "Bratsvo Brodiag" atly "Hustle Squad" toparyň 1-nji albomyny ýazýarlar.

Soň bularyň hersi daşary ýurtlara okuwa gidip (ATL, Lil Al, D`ez, Kostik we Big-West) toparyň proýektlerine işjeň gatnaşyp bilmeýänligi sebäpli taýpadan gitmeli bolýarlar, ýöne şonda-da taýpanyň käbir aýdymlarynda çykyş edýärler.

2008-nji ýylda Iska "Agyr dünýä" atly 1-nji solnyý albomyny göýberýär.

Soňra Iska Gyrgyzstana Bişkega okuwa gidýär. Makes bolsa Aşgabatda galýar. Makes Iska bilen maslahatlaşyp topara täze agzalary (Kesha, TG, Kay B) alýar.

Şol bir wagtda Bişkekda Iska hem topara Sakura a.k.a Sucre'ny kabul edýär.

Soň olar 2008-2009-nji ýylda "Hustle Squad" toparyň adyndan "My Sila" atly toparyň 2-nji albomyny ýazýarlar. Alboma gatnaşanlar: Makes, Kesha, ATL, Sakura, Kay B, T.G, Big West, Söhbet Kasymow.

Bu albomdan soň Kesha we Makesiň aralarynda düşünşmezlik döräp Makes taýpadan çykarylýar we Makes "Hustle Squad" topara 3-4 sany diss ýazýar. Kesha hem 2-3 sany Makesa diss ýazýar.

Tomusda Iska Aşgabada baranda topara ýene täze agzalary (Serdar S we Tita`M) alýar.

Täze agzalar bilen birleşip 2009-njy ýylda "Hustle Squad" toparyň adyndan "Maýdan Sentýabra çenli" atly toparyň 3-nji albomyny ýazga geçirýärler. Bu albom taýýarlananda toparda 7 agza (Iska, TG, Kesha, Kay B, Sakura, Serdar S, Tita M) bardy.

2009-njy ýylyň soňunda Iskanyň "Kör" atly 2-nji solnyý albomy tamam bolýar we hustle-squad.at.ua atly toparyň saýdynda 19.12.2009 ýylda goýulýar.

2010-njy ýylyň fewral aýynyň soňlarynda topardan çykarylan Makes bilen Sakura bilelikde aýdym taýýarlajak bolýar diýip eşiden toparyň agzalary Sakurany topardan çykaryp ýerine Sound VIP-ini alýarlar. 2010-njy ýylyň tomusynda bu gürrüňleriň ýalan bolup çykanlygy sebäpli Sakura yzyna çagyrylýar.

Toprayň şol wagtky agzalary: Iska, Kesha, Kay B, Sakura, Tita.M, Serdar S, TG, Sound VIP

2010-njy ýylda topar ýene bir albom çykarmakçy boldy, ýöne toparda biraz düşünşmezlik ýüze çykýar we Tita M topardan Iska taraplaýyn çykarylýar. Serdar S bolsa öz solnyý proýektlaryny döredip topardan öz islegi boýunça çykýar. TG bolsa watan gullugyndady. Toparda az adam (Iska, Kesha, Sakura we Kay B) galanlygy sebäpli 2010-nji ýylda "Hustle Squad" tarapyndan çykmaly albom ýatyrylýar.

Ýöne oňa derek toparyň agzalary 2010-nji ýylda 2 albom çykarýarlar.

Iska & Kesha "Synag" albom (Kesha'nyň 1-nji we Iska'nyň 3-nji albomy)

Sakura hem "Göz ýaşly" albomy çykarýar.

2011-nji ýyllarda Iskanyň kakasy aradan çykýar we Iska az wagtlyk repdan uzaklaşýar. Şonda Makes Iskanyň Kakasynyň patasyna görünmäge gelýär, Iska bilen Makes şonda ýaraşýarlar.

Soňra Iska "Täzeden Dogmak 3in" atly 4-nji albomyny goýberýär we kakasyna bagyşlap ýene bir "Gara Roza" atly 5-nji albomyny işläp başlaýar.

2012-nji ýylyň Fewral aýlarynda Iska hiç hili sebäpsiz öz islegi boýunça "Hustle Squad" toparyndan gidýänligini duýdurýar. Hemde "Gara Roza" albomyny doly işläp gutarandan soň "Hustle Squad" topardan doly aýryljagyny aýtýar we ondan soň hiç hili topara geçmän hiç hili proektlara goşulman ýekelikde "Kochan Dalisi" atly albomyna başlajagyny bildirýär.

Wagtyň geçmegi bilen Iskanyň "Gara Roza" albomy taýyn bolýar. Albomda Makes işjeň gatnaşýar.

Iska "Hustle Squad" toparyndan çykýanlygyny duýdurandan soň Kay B bilen "Urban All Day (UAD)" atly täze topar döredýärler.

Hustle Squad'daky Kesha hem adyny üýtgetmekçi bolýar, sebäbi ol döwürler Kesha ady ulanyp köp repçylar diss çykarýady. Jogap diss ýazýanlar hem Hustle Squad'daky Kesha jogap diss ýazýadylar, şonuň üçin Kesha adyny Hustle Kesh (Hustle Squad'daky Kesha diýen manyda) diýip üýtgetýär.

----------------------------------------------------

I Urban All Day I
20 июн 2015
Urban All day productiony 2012 nji yylda Iska Muslim tarapyndan yuze chykdy. Yone ol dine ol wagt geljege bolan planlardy. Hustle Squad toparyndan Iska chykanyndan son Urban All day guramasyny HS toparynyn yene bir beyleki Mc sy bilen yagny Kay B bilen gurnalyp bashlandy we ilkinji tracky "Iska ft Kay B - Dolama 2013" bolup ilkinji Albomy Iska "Kochan Dalisi LP 2015" bolup dur. Bul taypanyn doly esasy agzasy heniz belli dal yone Urban All Day productiona gatnashan mc laryn atlary Makes, Kay B, Slim Swizzy, Hustle Kesh, La Blaze, Iska Muslim, T'Sh. Hazirki wagtda taypanyn doly duzimini duzmek boyuncha ishler gechirilyar, duzimde 4 5 mc bolar we islege gora yash talantly mc lar. Urban production hazirki wagtda Iska Muslimyn Kochan dalisi part 2 EP albomynyn ustinde ishleyar, albomda boljak beatlar Krasnavegas music we Harman music'dan bolar, taypanyn esasy beatmakery Harman, Ses yazgylary Urban records tarapyndan yazylar. Nesip bolsa taypanyn doly agzalaryny belli edemizden son size habar yetireris.