RealMusic

La Blaze bilen sohbetdeslik (2013-04-04)

5 / 0 / 24 дня
La Blaze ýa-da Ýerçeken

Ählimize belli boluşy ýaly La Blaze atly türkmen rap ýyldyzy bar. Onyň şahsy durmuşy, döredijiligi hakda bilmeklik üçin turkmen tweet söhbetdeşlik geçirdi.

—Salam La Blaze
—Aleýkumessalam

—La Blaze özüňiz barada aýdaýsaňyz
—Meniň adym Röwşen. Men 1992-nji ýylyň sentýabr aýynyň 7-sine Ahal welaýatynyň Abadan (öňki Büzmeýin) şäherinde eneden boldum. 1999-njy ýylda orta mekdebe okuwa gidip ony 2009-njy ýylda tamamladym. Soňra Gyrgyzystan döwletiniň Bişkek şäherine okuwa gitdim, häzir bolsa Russiýanyň Woronež şäherinde okuwymy dowam edýän.

—Röwşen sungat älemine gelmegiňiziň ilkinji ädimleri barada gürrüň berseňiz.
— Rap sungatyna mende çagalykdan höwesim bardy, 2005-nji ýyllarda öz aramyzda dostlarmyz bilen Curtis Jacksonyn aýdymlaryna tans oýnan bolup wideo düşen bolýardyk, Soň 2007-nji ýylda öz öýümde kiçijek mini studia açyp aýdyp başladym. 2007-2008-nji ýyllarda birinji solny albomymy ýazdym.

—Ondan soňky albomlar?
—Soňra bolsa 2009-njy ýylda internet saýtlaryna çykyp aýdymlarym ýuwaş ýaýrap başlady. 2009-njy ýylda “Aýralyk günleri” albomy, 2010-njy ýylda “Gamgyn günlerim” atly albomy, 2011-2012-njy ýyllarda “Ýagtylyga tarap” albomy, 2013 ýylda bolsa 2 albom ýagny, “Kellelere analgin” we “Poetika” albomlaryny çykardym. Biler bolsaňyz tmrap.com saýtynyň agzalary bilen söhbetdeşlikde bolamda belläp geçipdim.

—Röwşen aýdýan aýdymlarňyzyň sözlerini hem sazyny özüňiz düzýäňizmi?
— Sözleri elbetde özüm düzyän her şahyryňam öz galamy bolmaly dilindäkini ýazýan. Saz meselesi barada aýdamda käbir aýdymlaryňkyny Gyrgyzstanly “Kuba beatsa” düzdüryän käbirlerini internet saýtlaryndan alýan özüm hem diňleýjileriň göwnünden turaýjak sazlary alýan.

—Biziň döwrümizde rap sungatyna ýaşlaryň arasynda gaty uly hormat goýulýar, siziň pikiriňizçe rap sungaty nähili sungat şol hakda aýdaýsaňyz?
— Rap sungatyny menem söýýän hemem ony söýýänlerem, sebäp olary hem özüm ýaly görýän. Rap sungaty barada aýdaňda bolsa dünýä derejesinde diňlenýän aýdymyñ bir görnüşi Rap, ýöne gynansakda biziň raplarmyz ösen tempda barsada, ýolunda böwet bar rugsat yok. Oňa bolsa barymyz mätäç!

—Röwşen siz rap aýdyp çykyşlarda, ýaryşlarda gatnaşyp gördiňizmi we nähili ýeňişler gazandyňyz?
— Çykyşlarda kän bolup gördüm ýöne ýaryşda bolup görmedim, bir gezek boldum olam online internet battleda.

—La Blaze başgada Ýerçeken atlaryňyz bar, şular barada hem aýdaýsaňyz
— Mende şeýle bir pikir döredi ýagny diňe öz goýan lakamym dälde ýagny gyzlaryň köplenç meniň bilen gürleşende yüzlenýän sözüni käbir şowhunly aydymlarda ulanmak isledim, beýleki aýdymlarda bolsa görşüňiz ýaly diňe La Blaze. Olam käbirleriniň goýan lakamy.

—Häzirki wagtda nähili aýdymlaryň üstünde işleýäň we şu golaýda rap janköýerlermize sizden nähili rap aýymlary garaýar?
— Ýakyn wagtda gaty kän proektlam bar, ýadyma düşýänleriň adyny belläp geçesim gelýär: "Sen + Men", "Yatlasym gelýä ýatlamalarmy", "Unudulup gidermi" we başgada kän. Ýakynda goýuljak aýdymlar bolsa Iska muslim bilen düşülen HipHop atly track goýular Video klipy bilen bilelikde ondan son bolsa köp sanly diñleýjileriň garaşyp ýören "Biwepa kokoin" atly tracklarym goyular.

—Tüweleme Röwşen, basym diňleýjilerimize siziň täze aýdymlaryňyz ýetjekdä, ýogsada sorasym gelýär, haýsy saýtda siziň täze çykjak aýdymlaryňyz goýular?
— www.tmrap.ucoz.com saýtynda ýöne men diňleýjiler üçin ýene bir habar ýetiresim gelýär, Perman tüýs wagtynda ýatlatdyňyz www.hiphopakym.com şul adresdaky saýtyň üstünde işledýän şu wagt ýakyn wagtdan şol adresda tapyp diñläp bilerler her hepde tazelik goýulyp durar hemişeki ýaly.

—Nesip bolsa şol saýdyň açylarna garaşýas, Röwşen siz öz gelejegiňizi nähili göz öňüne getirýäňiz?
— Örän gowy sorag welin ýöne jogap tapyp bilmedim, sebäbinem gelejegimi pikir edemok, eger men gelejegime plan düzäýen ýagdaýymda olam bolmanam biler, şonuñ üçin Allanyñ beren gelejegi bolar...

—Röwşen söhbetdeşligimiz gutarmazdan öň okyjylarymyza öz ýürek arzuwlaryňyzy aýdaýsaňyz.
— Diñleýjileriñ barysyna köp sag-bolsun aýdýan umytdan gaçmaň, gowy aýdymlary çykarjagyma söz berýän, biz bilen galyñ hemişe ;) Barysyna okuwynda hem durmuşynda üstünlikler dileýän, hemde jan saglyk abadançylyk. Men ýaly Mp3 dünyäsinde ýaşayanlara sylag ;)

—Röwşen söhbedeşligiňiz üçin köp-köp sag-boluň, sizede okuwyňyzda, sungat işleriňizde uly-uly üstünlikler arzuw edýäs!

©SalamTurkmen 2013-04-04
Краткое описание
Söhbetdeşlik turkmen tweet vk sahypasyndan alnan.