RealMusic

Bu Bela x TachMen - Gitme

10 / 0 / 7 месяцев

[Sertirler 1: Bu Bela]
Ýürek berip söýmeli däl
Diňe özüň gynanýaň
Hasrat bilen ýazylan setirler
Ýene şahyry öldürýär

Bölündik ikä birden
Bu ýoluň ýarysynda
Seni saklaýan ýerim üýtgeşikdi
Niçün düşdüň elimiň aýasyndan

Giden günüň ýas tutdym
Ölen, ýöne özümdim
Ertirimizi görmediňmi
Niçün söýgini düýne gömdüň

Günde diýýän sözüm
"Şol köçeden gaýdyp geçmäýin"
Seredýän ýene
Ol gülgüne otagyň çyralary öçmändir

Öýkelegim kejirje balam
Indi kim bilen kejeleşýäň sen
Gijeler hem daňa ýetmek kyn
Telefonda seň sesiň eşitmän hem

Aralarmyz ýakynka birden
Ýüreklermiz uzaklaşdy
Bu ýüregme ýar bol diýipdim ýara däl
Düşün şoň üçin şoň üçin

[Gaýtalama X3: TachMen]
Ýar! Gitme diýmedim
Yza garamada
Gezerin ýene men
Ýeke ýalňyz agladym
Ýoluňa garadym

[Setirler 2: Bu Bela]
Meňem bu aýdymlary ýazasym gelenok
Bagt hakynda ýazjakdym
Gök kürtäň içinde bukup
Öýüme seni saljakdym

Owadandan-owadan arzuwlar bar
Bile edipdigä olary
Belki menem bu sözleň yzyna
Bir gün nokat goýaryn

Gijeler ukusyz saňa ýazan
Sensizligimi diňledim
Maňa gysganan smslaň
Kime gitdi bilmedim

Adyň 4 harpy
Tutuş dünýämiň özüdi
Sen gijeler başga bilen gürleşip
Gözleýäkäň dertdeşi

Menden indi barmaz jaňlar
Jaň etmäne ýetmez hetdim
Ýanwaryň 25'i gutlajak (doglan güniň)
Açyk dursun abonentiň

Gidişiň sebäpsizdi birden
Meni atdyň boşluga
Ýene bir aýdym galdy 4 harpym
Ondan soň hoşlaşarys

[Gaýtalama X2: TachMen]
Ýar! Gitme diýmedim
Yza garamada
Gezerin ýene men
Ýeke ýalňyz agladym
Ýoluňa garadym