Bar zatdan iren ýaly ýüregim,
Saýlap bilmedim, hiç maña geregin.
Ýadadym, döwlere geldi küregim,
Durmuş ummanynda küreklän wagtym
Agym geldi, ýöne aglap bilmedim
Bäş gün ýalançyda çyndan gülmedim
Niçe ölmekçidim ýöne ölmedim
Ejizläp, Alladan ölüm dilän wagtym
Küýsedim, durmuşymdan geçip gideni
Bagryma basasym geldi, meni iteni
Duşmanymam dosta öwrülýän ekeni
Ýalñyzlygy gujaklap aglaýan wagtym
Söýgi temasynda gaty ýaşdym
Aýralyk diýlenden gaty daşdym
Ençeme menzili ýeke özüm aşdym
Allañ goldawyla ädimlän wagtym
Durmuşyñ gyzygy gaçar ýaly gözden
Bahana tapmak gerek däl sözden
Sözsüzem dünýäñ manysy gaçýan ekeni
Çete çeklip durmuşdan ýadan wagtym
Arzuw baryn gurýas hyýallarymyzda
Jogap tapamyzok berýän sowallarymyzda
Näme üçin diýip ýüzlenýän öz ýanymyzda
Öz pikirlerimize gümra bolan wagtym
Bu durmuşda kändir ak bilen gara
Ilki bilen ene-atañ göwnüne ýara
Gije gündiz çalşar töweregine gara
Garasyz ak bolmajagyny bilen wagtyñ
Gara tümlikdir dünýänin başy
Hiç kim bilmez niçedir onuñ ýaşy
Içi wagşy, aldanma, jäjekdir daşy
Bu dünýäñ ýalandygyny bilen wagtyñ
Ýeke däl, Allam mydam ýanymda
Maña edilenler çykmaz añymda
Ýalñyzlygy söýýän akýar ganymda
Ýakynlarmyñ durmuşyndan itilen wagtym
DarkGleam aýdar, sözümde bardyr belki many
Ýetirjek bolýan halka sözümi, döwüp añy
Allam sorasa bererin, goparyp jany,
Ezraýyl janym almaga gelen wagty.
Краткое описание
Durmus pursatlar
История создания
Durmuşdan her wagtdan bölekleýin ylham gelşine görä düzülen