RealMusic

Olesim gelyar

21 / 1 / 2 года
Dertleriñ baryny bir ýere atyp,
Gidesim gelýär, bu ýerlerden gaçyp,
Iñ bolmanda bir gezek bagta batyp,
"Bagt" atly batga çümesim gelýär.
DarkGleam
Ýadadym şeýlebir ýalançy dünýeden,
Doýanok dertlerem, başyma münmeden,
Hoşal bolup, öten barmy dünýeden?
Bar zady terk edip, ölesim gelýär.
DarkGleam
Ölenler kän, yzynda ajy göz-ýaşlar,
Hossar, garyndaşda egildi başlar,
Aýyñ-kyrkyñ sowulýar, bişirlip aşlar,
Şol ölene derek, meñem ölesim gelýär.
DarkGleam
Geçenlere razy men, nägile bolamok,
Maña sapak beren, durmuşa söwünemok,
Edil şu wagtky derdim ýeńip bilemok,
Şu pursat jan berip, meñ ölesim gelýär.
Краткое описание
Olesim gelyar bar zady terk edesim gelyar
История создания
Su dunyeden doyup, durmusymyn kyn synaglarynda ejizlan wagtym duzen gosgym.